Ýaponiýada suw howuzlary üçin gorag maskalary döredildi

  • 07.06.2020 20:35
  • 5k+

Ýaponiýada suw howuzlarynda ýüzüp bolar ýaly gorag maskalary döredildi. Bu barada “Asahi” gazetine salgylanmak bilen regnum.ru habar berýär.
Ýaponiýada koronawirus epidemiýasynyň howpy bilen baglylykda ýapylan suw howuzlary öz işini 1-nji iýundan dikeltdiler. Häkimler suwda hloruň ýeterlik konsentrasiýasy bolan ýagdaýynda keselleme howpunyň pesdigini belleýärler. Şunuň bilen baglylykda kesellemeden gorajak, ýöne şol bir wagtda öl bolmajak we suwda gaçmajak maskanyň zerurlygy ýüze çykdy.
Bu meseläniň çözgüdi Tokiodaky kiçiräk bir kompaniýa tarapyndan tapyldy. Ýüzmek üçin niýetlenilen maska dury materialdan taýýarlanan we ol ýüzüň aşaky bölegini ýapýar. Ýöne ol sypyp gaçmaýar, çünki maska suwda ýüzüp bolar ýaly edip döredilen.
Ilkibaşda maskalar elde taýýarlanyldy, ýöne oňa bolan islegiň ýokary bolandygy üçin ol önümçilige goýberildi. Bu maskalaryň ykjamdygy we netijelidigi ýüzmek boýunça klublaryň assosiasiýasy tarapyndan kabul edildi, oňa ýurduň ähli ýerindäki 700 guramadan eýýäm 16 müň sargyt gelip gowuşdy. Bu maskalara, esasan, çagalaryň ýüzüş mekdeplerinde isleg bildirildi, çünki tälimçiler suwda çaganyň duruş ýagdaýyny wagtal-wagtal düzedip durmak bilen, olara eşider ýaly gaty sesde buýruk bermeli bolýarlar.
Statistika boýunça, Ýaponiýada 17 müň adam koronawirus bilen kesellän, 915 adam ýogaldy, 14,9 müň adam sagaldy.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......