Türkmenistanda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine 3-nji iýulda serediler

  • 06.06.2020 23:19
  • 9.3k+

Ýakynda geçirilen Hökümet mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl üçin bellenen wezipelere ünsi çekdi we bu wezipeleriň gürrüňsiz ýerine ýetirilmegini gazanmalydygyny belledi. Iýun aýynda hem köp sanly möhüm syýasy we durmuş ähmiýetli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreleriň ählisini ýokary derejede geçirmeli diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutany iýun aýynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda sapar bilen bolmagyň, ýerlerde galla oragynyň alnyp barlyşyny görmegiň, kabul eden durmuş maksatnamalarymyzyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmagyň meýilleşdirilýändigini mälim etdi.
Şeýle hem türkmen Lideri Hökümet agzalaryna Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçiriljek giňişleýin mejlisine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Onda ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine serediler. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşini seljerip, ýolbaşçylaryň alyp baran işlerine baha berler. Şunuň bilen birlikde, Prezident duşenbe güni wise-premýerleriň gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda maslahatlary geçirip, geçen 5 aýyň netijelerine seretmegi tabşyrdy.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......