Hytaý ýerden daşary ýaşaýşy gözlemek üçin radioteleskopy işe girizmegi meýilleşdirýär

  • 03.06.2020 23:12
  • 4.6k+

Hytaý galaktikalaryň emele gelşini we ewolýusiýany, garaňky materiýany öwrenmek hem-de ýerden daşary ýaşaýşy gözlemek üçin Guýçžou welaýatynda Týanýan (“Asman gözi”) ady bilen hem belli bolan dünýäniň iň uly radioteleskopyny FAST-y (Five hundred meter Aperture Spherical Telescope) işe girizmegi meýilleşdirýär. Şenbe güni Hytaý bu radioteleskopy üçýyllyk önümçilik synagyndan soň resmi ulanyşa girizmek bilen, onuň ulanyşa girizmek işini tamamlady. Hytaýyň “Science and Technology Daily” döwlet habarlar neşiri FAST teleskopunyň özge planetalylary gözlemeklige sentýabrda başlajakdygyny habar berýär, diýip MediaPotok belleýär.
500 metrlik “käsäni” gurmak işi 185 million dollara düşdi. Ägirt enjamyň ýanynda ylmy güýmenje seýilgähi ýerleşdirildi. Radioteleskop 11-nji ýanwarda döwlet kabul edilişiginden geçdi, şondan soň enjam ulanylyşa girizildi. “Asman gözüniň” gurluşygy 26 ýyl dowam etdi. Hytaý alymlary ýerden daşary siwilizasiýalaryň signallaryny gözlemek üçin iki ýyl mundan öň gerekli enjamlary kabul etdiler. Şu wagta çenli ol barlag režiminde işledi. Ýöne alymlar özge planetalylary gözlemek işiniň beýleki ylmy missiýalara päsgel bermejekdigini belleýärler. Heniz barlagy alyp baryjylar kabul edilýän signallaryň arasynda “özge planetalylara laýyk gelýän dalaşgärleri” görenoklar. Olar, belli bolşy ýaly, pulsarlardan ýa-da çalt radioserpikmelerinden gelýär. Ýöne, eger-de kosmosa habar iberýän “poçtany” kabul edilişige ýakyn ýerlerde özge planetalylar bar bolsa, onda radioteleskopuň işi olary anyklamak mümkinçiligini ýokarlandyrar diýip, alymlar hasaplaýarlar.
Öň MediaPotok portaly Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň we Kanadanyň astrofizikleriniň halkara toparynyň Gaia kosmiki teleskopunyň kömegi bilen biziň Galaktikamyzyň serhediniň, takmynan, 950 müň ýagtylyk ýylyna uzaýandygyny kesgitlemegi başardylar.

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......