Elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

  • 02.06.2020 11:01
  • 2.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti elektroenergetika pudagyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we elektroenergetika ulgamyny ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri berjaý etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 
Döwlet Baştutany häzirki wagtda ýurdumyzyň energetika senagatynyň ösüşiň durnukly ýokary depginini saklaýandygyny we diňe bir ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini üpjün etmäge ukyply bolman, eýsem, daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän elektrik energiýasynyň eksport edilýän mukdaryny yzygiderli artdyrýandygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra energetika ministri Ç.Purçekow hasabat bilen çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda pudagyň düzüminiň üsti Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap hem-de Daşoguz welaýatlarynda gurlan täze gaz turbinaly elektrik beketleri bilen ýetirildi. Häzirki döwürde bu işler netijeli dowam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ugry boýunça Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň döwletara energiýa magistralynyň taslamasyny durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşýanlara amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilýän işlere berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......