Türkmenistan we Ukraina COVID-19-a garşy göreşde hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikir alyşdy

  • 02.06.2020 10:33
  • 5.3k+

1-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ministrler şeýle-de koronawirus ýokanç keseliniň ýaýramagyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk meseleleri hem-de epidemiýa wehimlerine garşy ählumumy tagallalaryň netijeli gurallarynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy dogrusynda pikir alyşdylar.
Dürli ugurlar boýunça özarabähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ugry boýunça özarahereketleriň işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirildi.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......