Xiaomi 2020-nji ýylyň ahyryna çenli 4G-smartfonlaryň önümçiligini bes eder

  • 30.05.2020 23:02
  • 3.7k+

Xiaomi kompaniýasynyň baş müdiri Leý Szýun ýaňy-ýakynda beren interwýusynda kompaniýanyň geljekki meýilnamalary barada gürrüň etdi. Şeýle-de, ol COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýüze çykýan kynçylyklar barada aýtdy. Bu barada itzine.ru habar berýär.
Leý Szýunyň aýtmagyna görä, şu ýylyň ahyryna çenli Xiaomi öz ýurdy üçin 4G smartfonlaryň önümçiligini bes eder. Kompaniýa öz güýjüni 6G ulgamynyň we internet hemrasynyň işine gönükdirer.
Xiaomi 5G eýe bolan smartfonlary çykarmagyny dowam etdirer. Xiaomi kompaniýasynyň müdiriniň pikiriçe, 5G senagatda rewolýusiýa geçirer we konferens-aragatnaşyklary, bulut oýunlary we serwisleri üçin hem-de özüni dolandyrýan awtomobillerde işjeň ulanylar. Kompaniýanyň meýilnamasy 5G ulgamyna eýe bolan smartfonlaryň uly möçberini çykarmakdan ybarat.
Kompaniýada bellenilişine görä, şu ýylyň ýanwaryndan bäri 5G eýe bolan bäş smartfon çykaryldy, häzir ähli güýç şu nesliň gajetlerine geçmeklige gönükdirilýär. Täze gurluşlaryň işine köp puluň sarp edilýändigi üçin, öndüriji indi 4G smartfonlara dolanmak islemeýär.
Şeýle-de, Xiaomi mobil tehnologiýalaryna we AloT has köp üns berer. Kompaniýa tebigy betbagtçylyklar barada duýduryjy sistemanyň üstünde hem işlär.

düýn 11:22
1.4k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

düýn 11:10
567

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 23:04
2.3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......