Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy

  • 27.05.2020 23:31
  • 8.5k+

27-nji maýda Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, şäheriň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen taslamalaryň amala aşyrylyşy, şeýle hem Aşgabadyň günorta künjeginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutany işewürlik merkeziniň kemala gelýän ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýerine ýetirilýän işler barada giňişleýin maglumat berýän taslamalar we binalaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Bu ýerde guralan tanyşdyryş çäresine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we Aşgabat şäheriniň häkimi hem-de Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan «Buig Batiman Internasional» fransuz kompaniýasynyň wekili gatnaşdylar.
Işewür milli Liderimize wekilçilik edýän kompaniýasyna ynanylan gurluşyk desgalary, şolarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, binalaryň içki we daşky bezeg işlerinde ulanylýan serişdeler hem-de otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi we degişli taslamalary görkezdi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenen taslamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň diwanynyň, Maslahatlar merkeziniň, Türkmenistanyň Kabul ediş merkeziniň, «Arkadag» myhmanhanasynyň dürli görnüşlerini özünde jemleýän taslamalar hem-de çyzgylar bar. Şeýle hem bu ýerde Maslahat köşgüniň bölekleýin durkuny täzelemek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada maglumat berýän taslamalar görkezildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň bellenilen möhletde tamamlanmagynyň, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmagynyň, döwrebap desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talapdygyna ünsi çekdi.

şu gün 00:49
631

Türkmenistanyň wekiliýeti Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugrarlar

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekiliýetleri 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Londondaky ştab-kwartirasyna guraljak saparlara gatnaşar...

düýn 09:38
1.2k+

Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi...

düýn 09:35
863

Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Piter Wan Rooý bilen duşuşyk geçirdi...

12.03.2026 20:33
1.3k+

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Tokioda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşygy geçirildi...