Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

  • 26.05.2020 23:07
  • 3.3k+

26-njy maýda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk meselelere garaldy.
Ilki bilen göni wideoaragatnaşykda Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäreleri, öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri, tomusky möwsümi guramaçylykly geçirmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Soňra welaýat häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly başlamak, möwsümiň dowamynda işlediljek däne kombaýnlarynyň we awtoulaglaryň, galla kabul ediş bölümleriniň taýýarlyk derejesi, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan toplumlaýyn ideg işleri barada hasabat berdi.
Maslahatyň barşynda şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanynyň obasenagat toplumynyň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, ekinleriň güýzlük görnüşleriniň ekişine guramaçylykly girişmek üçin görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň degişli düzümlerinde alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagynyň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň geljekki mejlisine güýzlük ýeralma, sogan we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdany bilen baglanyşykly degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......