Huawei Hytaýyň bazarynda 5G smartfonlaryň pudagynda lider boldy

  • 25.05.2020 19:59
  • 2.5k+

Huawei kompaniýasy 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde 5G smartfonlaryň içki hytaý bazarynda liderlik edýär, bu barada Sinhua agentligine salgylanmak bilen rossaprimavera.ru habar berýär.
Hytaýda bäşinji nesliň aragatnaşyk toruna eýe bolan Huawei smartfonlarynyň satuwy 15 mln-a ýa-da ýurtda 5G telefonlaryň umumy bazaryndan 55,4%-e ýetdi diýip, Huawei kompaniýasynyň wise-prezidenti Şen Sin mälim edýär.
5G smartfonlarynyň satuwy boýunça dünýä bazarynda günorta koreý kompaniýasy Samsung liderlik edýär. Hytaýyň Huawei kompaniýasy bazardaky ýerlemäniň paýyndan 33,2% görkeziji ýa-da 2020-nji ýylyň ilkinji üç aýynda 8 mln gurluş bilen ikinji orny eýeleýär. Häzirki wagtda Huawei 5G smartfonlaryň 19-dan gowrak modelini çykardy.
Şol bir wagtda hytaý bazarynda 5G smartfonlarynyň paýy, garaşylyşyna görä, ýylyň ikinji ýarymynda 60%-den hem gowrak ýokarlanar diýip, Şen belleýär.
Huawei kompaniýasynyň önümleri Russiýanyň bazarynda hem ýylyň başyndan smartfonlaryň satuwynyň 33%-ini eýelemek bilen liderlik edýär. Bu ýerde ikinji orunda 23% görkeziji bilen Samsung ýerleşýär.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......