Amazon we Netflix kinoönümçiligi dikeldýär

  • 21.05.2020 23:41
  • 3.1k+

Amazon we Netflix kompaniýalary Fransiýanyň territoriýasynda kinoönümçiligi dikeldýär. Bu barada kinonews.ru habar berýär. Variety neşirinde bellenilişi ýaly, gürrüň “Voltaire, Mixte” we “Arsene Lupin” seriallary barada gidýär. Bu taslamanyň ikisi hem ýurtda täze görnüşli koronawirus ýaýrawy bilen baglylykda karantin girizilende, ýagny 2020-nji ýylyň mart aýynyň ortalaryndan saklanyldy. 
Kino düşürilme işleri Fransiýanyň günortasynda, şeýle-de iýunyň başynda öz işini gaýtadan dikeltjek Luwr muzeýiniň territoriýasynda alnyp barylar. 
Belläp geçsek, Fransiýanyň hökümeti kino boýunça banklarda, karz beriji we ätiýaçlandyryjy edaralardan başlap, sebit häkimiýetleri we hususy hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlykda Milli geňeş tarapyndan esaslandyrylan kompensasion gaznanyň döredilmegini tassyklady. 
Medeniýet ministriniň tassyklamasy boýunça, gazna 50 million ýewro möçberdäki pula eýeçilik eder, pandemiýa wagtynda saklanylan ýa-da ýatyrylan kino we telewizion üpjünçiligi bolsa onuň garamagynda bolar.
Belläp geçsek, Kaliforniýanyň gubernatory Gewin Nýusom ştatyň territoriýasynda gysga metražly filmleriň we telewizion seriallaryň düşüriliş işleriniň geçirilmegine gadaganlygyň ýatyryljakdygyny aýtdy. Kinoönümçiligi tapgyrlaýyn dikeltmegiň meýilnamasy 2020-nji ýylyň 25-nji maýynda hödürleniler, kino düşürilmeler eýýäm indiki hepdede başlanylar. Netflix kompaniýasynyň önümçilik departamentiniň ýolbaşçysy Ted Sarandos Kaliforniýada filmleri düşürmeklige öň rugsat edilen ýerlerde, ýagny Şwesiýada ýa-da Günorta Koreýada ulanylýan howpsuzlyk teswirnamasynyň ulanylyp bilinjekdigini belleýär.
"Biziň häzir gelmeli netijämiz öýde galmaly ýa-da däldiginde bolman, biziň nädip işe howpsuz dolanmagymyzda jemlenýär. Muny doly derejeli meýilleşdirmek bolar. Men munuň üstünde dünýäniň iň akylly adamlarynyň işleýändigine ynanýaryn” – diýip, ol teswir berýär. 

04.04.2026 14:12
8.8k+

Jinsini döreden Lewi Strauss hiç haçan jinsi geýmändir

Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir....

26.03.2026 15:37
7.4k+

Matematika moda aýlawynyň her 20 ýyldan gaýtalanýandygyny tassyklady

Demirgazyk-Günbatar Uniwersitetiniň alymlary geýimlerdäki moda tendensiýalarynyň, hakykatdanam, her 20 ýyldan gaýtalanyp durýandygyny anykladylar. Bu netije matematiki modele we 1869-njy ýyldan bäri zenan......

23.03.2026 21:50
3.3k+

Burberry şa zenany Ýelizaweta II-niň 100 ýyllygyna bagyşlanan kolleksiýa çykardy

Beýik Britaniýanyň Burberry moda brendi şa zenany Ýelizaweta II-niň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäkli mukdardaky kolleksiýasyny hödürledi. Mahabat kampaniýasynyň suratlary markanyň sosial ulgamlarynda paýlaşyldy...

23.03.2026 15:10
3k+

Çökgünlige düşen Ralph & Russo-nyň ýyldyzlara geýdiren lybaslary satlyga çykaryldy

Bäsleşikli söwda öýi «Bonhams» 2021-nji ýylda bergili çykyp, öz işini togtadan Ralph & Russo-nyň 322 sany dizaýner lybasyny satuwa çykardy. Satuwa çykarylan gymmatbahaly geýim-gejimleriň, aýakgaplaryň we beýleki esbaplaryň içinde öň Megan Markl, Monika Belluççi, Heýli Biber, Rita Ora we Jessika Alba ýaly meşhurlara degişli bolan zatlar hem bar...