“Barselona” Ispaniýanyň çempionatynyň galan oýnuny “Kamp Nouda” geçirer

  • 20.05.2020 23:13
  • 5.8k+

“Barselona” Ispaniýanyň çempionatynyň galan oýnuny “Kamp Nou” stadionynda geçirer. Bu barada Mundo Deportivo neşirine salgylanmak bilen gazeta.ru habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlary boýunça, klublaryň kapitanlaryndan, ýagny Lionel Messiden, Žerar Pikeden, Serji Busketsden we Serji Robertodan ybarat geňeş möwsümi alty müňlük adamly “Ýohan Kroýff” stadionynda tamamlamaklyga garşy çykdy.
Futbolistler meýdançadaky tribunalarda tomaşaçylar bolmasa-da, 100 müň tomaşaçy sygýan “Kamp Nou” stadionyny oýunlary geçirmek üçin iň laýyk gelýän ýer diýip bellediler.
Gök-gyzyllaryň ýolbaşçylygy ýagdaýy ykdysady analizden geçirdi we oýunlary “Kamp Nou” bilen “Ýohan Kroýff” stadionlarynda geçirmekde çykýan çykdajyda üýtgeşik tapawut ýok diýen netijä geldi. Şonuň üçin “Barselonanyň” öz meýdançalaryndaky oýunlaryny “Kamp Nou” stadionynda geçirmek kararyna gelindi.
Belläp geçsek, häzirki wagtda La Ligada 2019/20 möwsümiň dikeldilmeginiň iň ähtibarly senesi 12-nji iýun diýlip bellenildi, ätiýaç senesi bolsa 19-njy iýun.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......