Apple kompaniýasy Apple Glasses akylly äýneklerini taýýarlaýar

  • 20.05.2020 22:44
  • 4.8k+

iPhone telefonlaryny öndüriji Apple kompaniýasy 2022-nji ýylyň başyna çenli Apple Glasses akylly äýneklerini çykarar. Muny özüniň YouTube-kanalynda bloger we insaýder Jon Prosse gürrüň berdi, bu barada itzine.ru habar berýär.
Bu gurluş ýörite linzalara eýe bolar, ol linzalarda gerekli maglumatlar çykar. Insaýder äýnekleriň interfeýsiniň Starboard diýlip atlandyryljakdygyny belleýär. Bu gurluşy dolandyrmak sensoryň kömegi bilen amala aşyrylar. Şeýle-de, gurluş simsiz zarýadlama we iPad Pro 2020 planşedindäki ýaly LiDAR-a hem eýe bolup biler. Ulanyjy gajet bilen Apple Watch ýaly işleşip biler: äýnekleriň işlemegi üçin hökman olar bilen birikdirilen iPhone gerek bolar.
Muňa garamazdan, gurluş foto ýa-da wideo-düşürilmeler üçin hiç hili kamera eýe bolmaz. Insaýderiň aýtmagyna görä, bu resmilik meseleleri bilen düşündirilýär, Google hem Google Glass äýneklerini taýýarlanda şeýle meseleler bilen çaknyşypdy.
Apple geljekki gurluş barada, aslynda, şu güýzde iPhone-iň nobatdaky modelleriniň tanyşdyrylyşyndan soň gürrüň bermegi meýilleşdiripdi. Ýöne koronawirus pandemiýasy we şonuň bilen bagly çäklendirmeler sebäpli anonsy 2021-nji ýylyň ýazyna süýşürmek kararyna gelindi. Reliziň anyk senesi belli däl. Gurluş ýa-ha 2021-nji ýylyň ahyrynda, ýa-da 2020-nji ýylyň ahyrynda hödürleniler.
Belläp geçsek, amerikan korporasiýasynyň wirtual we goşmaça reallykly äýnekleri taýýarlaýandygy baradaky gürrüň 2017-nji ýylyň ýazynda peýda boldy.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......