Türkmenistan we Russiýa birža hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşdy

  • 19.05.2020 23:55
  • 5.8k+

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda «Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dokma senagatynda eksport kuwwaty we importa bolan islegleri hem-de birža işinde hyzmatdaşlygyň geljegi» atly mowzuk boýunça iş maslahaty geçirildi. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.
Russiýa ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda eksport we import ugurlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Russiýaly hyzmatdaşlar Türkmenistanda öndürilýän önümlere, şol sanda dünýä boýunça ýokary hilli önümler bilen mynasyp bäsleşýän dokma senagatynyň önümlerine uly gyzyklanma bildirýärler.
Bellenilişi ýaly, bu pudak Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň eksport ugurly pudaklarynyň hatarynda kesgitlenildi. Munuň şeýle bolmagyna ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaranyň wezipesini ýerine ýetirýän Döwlet haryt-çig mal biržasy hem ýardam edýär.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......