Angliýada APL-nyň baýrak gowşurylyş dabarasyny geçirmegi meýilleşdirýärler

  • 19.05.2020 23:01
  • 3.6k+

Angliýanyň Premýer-ligasynyň ýerine ýetiriji müdiri Riçard Masters liganyň ýolbaşçylygynyň ýeňijä baýragy gowşurylyş dabarasyny geçirmek pikirinden ýüz döndürmek islemeýändigini habar berdi.
“Eger-de bu zatlaryň ählisi mümkin bolsa, onda baýragyň gowşurylyş dabarasyny geçirmek gowy bolardy. Biz mümkin boldugyndan oýunçylara we ähli topara olaryň şuňa ýetmek üçin çeken zähmetleriniň netijesinde bu pursatdan lezzet alar ýaly mümkinçilik döredip bermek isleýäris. Eger-de bu howpsuzlyga howp salmasa, biz muny etmäge synanyşarys” – diýip, championat.com Mastersiň sözlerini getirýär.
Angliýanyň çempionaty hem dünýädäki tas ähli turnirler ýaly mart aýynda COVID-19 ýaýrawy sebäpli saklanyldy. Soň liga häzirki möwsümi tamamlajakdygyny duýdurdy. Häzirki wagtda ony dikeltmegiň taslamasy işlenilip düzülýär. Çak edilişine görä, toparlar öz meýdançalaryndaky oýunlary özleriniň stadionlarynda geçirerler. Şeýle ýagdaýda jemleýji oýunda “Enfildde” “Liwerpulyň” kubok götermegi ähtimal, ýöne duşuşykda tomaşaçylar bolmaz. Turnir tablisasynda “Liwerpul” 25 utuk bilen “Mançester Sitiden” öňe geçýär. Ol 1990-njy ýyldan bäri ilkinji gezek özüni Angliýanyň çempiony diýip yglan eder.
Royal Jewellers kompaniýasy tarapyndan döredilen Premýer-liganyň kubogynyň agramy 25 kg, onuň ölçegi beýikligine 76 sm, ini 43 sm we çuňlugy 25 sm. Öň, Angliýanyň Premýer-ligasynyň klublary türgenleşik prosesini 19-njy maýdan dowam etdirmek pikirini biragyzdan goldadylar.

düýn 23:07
1.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
4.8k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......