Samsung kompaniýasy Galaxy A21s arzan smartfonuny hödürledi

  • 17.05.2020 23:03
  • 9.9k+

Samsung Galaxy A21s Galaxy A21 modeliniň täzelenen wersiýasy hasaplanylýar. Galaxy A21s gara, ak we gök reňkde elýeterli bolar. Bu barada megaobzor.com habar berýär.
Samsung Galaxy A21s smartfony Exynos 850 prosessory bilen ýola goýlar. Bu smartfon HD+ ygtyýarly we 6,5 dýuým diagonally IPS ekrany bilen üpjün edildi. Gurluş 5000 mA/sag sygymly akkumulýatora we çalt zarýadlanma mümkinçiligine eýe bolar. Frontal kamera ekranyň burçunda kiçiräjik bölekde ýerleşdirildi. Onuň esasy kamerasy 48 MP, ýüz bölegindäki kamera 13 MP sensora eýe bolar. Yzky panelde barmaklaryň yzyny skanerleýji oturdyldy. Şeýle-de, Galaxy A21s smartfony 3,4 ýa-da 6 GB operatiw ýat we 32 ýa-da 64 GB içki ýat bilen üpjün edildi.
Samsung Galaxy A21s nauşnik birikdirmek üçin bölek bilen hem üpjün ediler, şeýle-de onda NFC we Bluetooth bar. Ol Android 10 gutuly operasion sistema eýe bolar. Smartfon 19-njy iýunda satuwa çykar.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......