“Interiň” futbolisti Martines “Barselona” geçmek isleýär

  • 16.05.2020 16:43
  • 3.7k+

Milanyň “Interiniň” futbolisti Lautaro Martines katalon kluby “Barselona” geçmek isleýär, bu barada gazeta.ru saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, bu oýunçy bilen fransuz kluby “PSŽ” we iňlis kluby “Mançester Siti” gyzyklanýar, ýöne hüjümçi “Interden” bu komandalaryň teklibini kabul etmezligi haýyş etdi. “Inter” bu oýunçyny 111 mln ýewro satmakçy bolýar. Ýöne koronawirus pandemiýasy esasynda dörän ykdysady ýagdaý katalonlylara bu transferi amala aşyrmaga päsgel berip biler.
Martinesiň “Inter” bilen häzirki şertnamasynyň möhleti 2023-nji ýylyň iýunynda tamamlanýar. Ispaniýanyň çempionatynyň häzirki möwsüminde “Barselona” 58 utuk gazanmak bilen birinji orny eýeleýär. Italiýanyň çempionatynyň häzirki möwsüminde Martines Antonio Konteniň topary üçin 22 oýna gatnaşyp, 11 gezek gol saldy we 4 gezek netijeli geçirim etdi. Belläp geçsek, Italiýanyň çempionatyny 13-nji iýunda dikeltmek meýilleşdirilýär.

şu gün 20:46
723

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

şu gün 16:52
3.3k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

şu gün 15:19
1.1k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......

düýn 15:47
4.6k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....