Fergýuson göreşlerden iki aýlap çetleşdirildi

  • 15.05.2020 22:46
  • 9.8k+

Absolýut göreş çempionatynyň (UFC) amerikaly göreşijisi Toni Fergýuson UFC 249 turnirinde Jastin Getjiden ýeňilenden soň, lukmanlaryň görkezmesi boýunça 60 gün göreşden çetleşdirildi. Bu barada MMA Junkie saýtyna salgylanmak bilen turbo.gazeta.ru habar berýär.
Degişli çözgütleri Florida ştatynyň Atletika komissiýasy kabul etdi. Göreşiň dowamynda Fergýusonyň orbital süňki döwülipdir. Onuň garşydaşyna bolsa çetleşdirilme hökmany bolmady.
Ýatladyp geçsek, Fergýuson 12 ýeňişden ybarat tapgyryň arasyny üzmek bilen, sekiz ýylyň içinde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Indi ýeňil agramda diwizionyň çempiony Habib Nurmagomedow bilen Getji duşuşmaly.
Garyşyk başa-baş göreşde 34 ýaşly Fergýusonyň hasabynda 25 ýeňiş we dört ýeňliş bar. Mundan başga-da, UFC 249 turnirine gatnaşyjylaryň birnäçesi hem 180 gün göreşden çetleşdirilip bilner. Donald Serrone hem 30 gün, Jeremi Stiwens we Žairzinýo Rozenstraýk 60 gün, Dominik Kruz we Genri Sehudo 45 gün, Entoni Pettis bilen Kalwin Kettara 180 gün göreşden çetleşdirildi.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......