TSMC we Intel ABŞ-da çipleriň önümçiligi boýunça kärhana gurmagy meýilleşdirýär

  • 13.05.2020 23:42
  • 2.7k+

TSMC taýwan ýokary tehnologik kompaniýasy we Intel amerikan kompaniýasy ABŞ-nyň territoriýasynda integral mikroshemalaryny taýýarlamak boýunça kärhana gurmagy meýilleşdirýärler. Bu barada “The Wall Street Journal” neşirine salgylanmak bilen monavista.ru habar berýär.
Maglumatlara laýyklykda, mikroshemalaryň önümçiligi boýunça täze nesliň kärhanasyny gurmak bilen ABŞ gyzyklanýar. Bu Aziýadaky öndürijilere bolan garaşlylygy hem peselder.
Kärhanany gurmak işi eýýäm ABŞ-nyň söwda we goranmak ministrligi tarapyndan Intel we TSMC kompaniýalary bilen maslahatlaşylýar. Käbir ýolbaşçylar ýurtda öňdebaryjy önümleri has köp çykarmak üçin Tehasda kärhanasy bar bolan Samsung Electronics kompaniýasyna kömek bermegi göz öňünde tutýar.
“Prezidentiň administrasiýasy ABŞ-nyň tehnologik liderligi saklamagyny üpjün etmek maksadyna ýykgyn edýär” – diýip, ýokary wezipeli ýolbaşçy belleýär. TSMC daşary ýurtlarda kärhana gurup bilýär, “biz amatly bolan ýerleri, şol sanda ABŞ-ny hem hasaba alýarys, ýöne heniz anyk meýilnamalar ýok” – diýip, kompaniýa habar berýär.
ABŞ-da döwrebap çipleriň önümçiligini giňeltmek meselesi eýýäm maslahatlaşyldy, ýöne koronawirus pandemiýasynyň netijesinde halkara önümçilik zynjyrynyň gowşaklygyny görkezen çekişmeler ýüze çykdy.
ABŞ-da mikroshemalar boýunça onlarça kärhana işleýär, ýöne diňe Intel 10 nM ýokary we ondan kiçi ölçegli çipleri öndürip bilýär we ol muny, köplenç, öz zerurlyklary üçin öndürýär. Şeýle çipleri TSMC we Samsung hem çykarýar. Ýöne Semiconductor Manufacturing International Corporation (SMIC) iri hytaý öndürijisi bu liderlerden birnäçe ýyl yza galýar diýip, analitikler hasaplaýar. SMIC esasan beýleki kompaniýalar tarapyndan işlenilip düzülen önümleri çykarýar, geçen ýyl bolsa ol hususy 14-nanometrlik çiplerini öndürip başlady.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......