“Real” indiki möwsümde oýunçylaryň aýlygyny 30% kemeltmekçi bolýar

  • 12.05.2020 22:48
  • 2.8k+

Madridiň “Realynyň” ýolbaşçylygy öz futbolistleri üçin aýlyklary peseltmek isleýär. Bu barada metaratings.ru habar berýär. Bar bolan maglumatlara laýyklykda, “şa kluby” indiki möwsümde aýlyklary 30% peseltmek mümkinçiligini maslahatlaşmak üçin toparyň oýunçylary bilen ýygnak geçirmekçi bolýar. 
Bu çäre diňe bir futbolistlere däl-de, eýsem, klubyň we tälimçi ştabynyň ýolbaşçylaryna hem degişli bolup biler. Ýagny, jemi 800-den gowrak adama degişli bolar.
Häzir “Realda” ähli futbolistler üçin şu möwsümiň ahyryna çenli aýlyklary 10% peseltme çäresi hereket edýär. Ýöne täze peseltme öňki bilen bile hasaba alynmaz.
Şu möwsüm üçin “Real” 820 million ýewro alar diýlip çaklanylypdy. “Realyň” aýlyk sanawnamasy ýylda 283 milliona barabar bolýar. Aýlyklaryň peseldilmegi kluba 85 milliony tygşytlamaga kömek eder. Şeýle çäreler komandanyň ýaş düzümine – “Kastilýu” hem degişli ediler. Serhio Ramos bilen Garet Beýliň aýlyklary 14,5-den 10 million ýewro çenli peseler.
Belläp geçsek, “Barselonada” ýitgi 120-140 million ýewro barabar boldy. Klubyň býujeti geçenki bilen deňeşdirilende 250 million kemeler. Aýlyk sanawnamasy tutuş býujetiň 65%-ni eýeledi.
Öň, Ispaniýanyň çempionatynyň 12-nji iýunda dikeldiljekdigi habar berildi.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......