Ilon Mask bir ýylyň içinde adamlary çipleşdirjekdigine söz berdi

  • 12.05.2020 18:02
  • 5.9k+

SpaceX we Tesla Motor kompaniýalaryny esaslandyryjy, millioner Ilon Mask onuň Neuralink kompaniýasynyň ýakyn wagtda adamyň beýnisine çibi girizip biljekdigini mälim etdi, bu barada live24.ru saýty belläp geçýär.

Maskyň aýtmagyna görä, bir ýylyň içinde ol we onuň topary syrkawlara göreji, eşidişi ýa-da beýnä zeper ýetmegi bilen ýüze çykan motorikany dikeltmäge mümkinçilik berýän implanty döreder. Mask çibiň beýnide bolan näsazlyklaryň ählisini düzetjekdigini aýdýar, ýöne öňde etmeli işler heniz kän.

Implantyň iş prinsipi onuň kelle süňküniň astynda oturdylýandygynda we ondan soň onuň elektrodlaryň kömegi arkaly beýni bilen birleşip, onuň bir bölegine öwrülýändiginde jemlenýär.

Belläp geçsek, Ilon Mask Neuralink kompaniýasyny 2016-njy ýylda döretdi. Kompaniýa elektrodlaryň beýnä girizilmesini göz öňünde tutýan “neýron torlarynyň” tehnologiýasyny işläp düzýär. Çak edilişine görä, bu usul birnäçe keselleri, şol sanda garaguş keselini we ysmaz keselini hem bejermäge mümkinçilik berer, geljekde adamlar özleriniň pikirlerini kompýuterden ýükläp alyp bilerler.

şu gün 11:22
1.2k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
521

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......