Bundesliga ýene dolanýar

  • 10.05.2020 23:24
  • 4.3k+

Bundesliganyň oýunlary 15-nji maýda dikeldiler. Bu barada Germaniýanyň federal we sebitleýin hökümeti ylalaşyga geldiler. 16-njy martda ýatyrylan futbol boýunça milli Çempionat koronawirusyň ýaýramagyna ýol bermezlik üçin tomaşaçysyz geçer, sosial aradaşlygy saklamak çäreleri ýurtda entek 5-nji iýuna çenli dowam eder. Bu barada Euronews habar berýär.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel şeýle belleýär: “Biz köp meseleleri, şol sanda müşderileriň sanyny artdyrmak, işjeň dynç alşy we güýmenjeleri ýene dikeltmek üçin sanitar kadalaryny berjaý etmek bilen biznesden çäklendirmäni aýyrmak, şeýle-de tassyklanylan we barlanylan düzgünleriň çäklerinde maýyň ikinji ýarymynda dikeldilip bilinjek Bundesliganyň oýunlary meselesini hem maslahatlaşdyk”.
Koronawirus pandemiýasy sebäpli futbol boýunça milli çempionatlar Fransiýada we Niderlandiýada wagtyndan öň tamamlandy, Belgiýada bolsa professional futbol klublarynyň ýaryşlary 31-nji iýula çenli gadagan edildi.
Ispaniýanyň futbolistleri eýýäm türgenleşige başladylar, ähli oýunçylar koronawirus üçin testden geçirilýär. Ispan ligasy oýunlary iýunda başlamakçy we möwsümi tomusda tamamlamakçy bolýar.
Italiýanyň sport ministrliginde çempionaty hatda iýunyň ortalarynda-da dikeltmek barada gürlemäge esasyň ýokdugyny belleýärler.
Portugaliýanyň birinji çempionat ligasynyň soňky on oýny maýyň ahyrynda başlanar. Türgenler duşenbe gününden bäri türgenleşýärler, ýöne ýaryşlar ýapyk gapylarda geçiriler.
Beýik Britaniýanyň hökümeti Angliýanyň premýer-ligasyny dikeltmek boýunça meýilnama işläp düzdüler, indiki hepdede klublar bu barada özleriniň pikirini aýdarlar.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......