ÇL-nyň 1/8 finalynyň “Ýuwentus” bilen “Lionyň” arasyndaky jogap duşuşygynyň 8-nji awgustda geçmegi mümkin

  • 08.05.2020 23:57
  • 6.6k+

Italýan “Ýuwentusy” fransuz “Lionyny” Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda 8-nji awgustda garşy almagy mümkin. Bu barada Trend-iň TACC-a salgylanmak bilen ýetirmegine görä, “Gazeta.Ru” habar berýär.
Futbol assosiasiýalarynyň ýewropa birleşigindäki (UEFA) çeşmäniň maglumatlaryna laýyklykda, oýun, epidemiologik ýagdaý mümkinçilik döretse, geçiriler. 10, 11 ýa-da 12-nji awgustda fransuz “Pari Sen-Žermeniniň” gatnaşmagynda dörtden bir final duşuşygy geçirilmeli.
Çempionlar ligasy we Ýewropa ligasy mart aýynda koronawirus pandemiýasy sebäpli saklanyldy. 1/8 finalynda “Ýuwentus” – “Lion” we “Bawariýa” (Germaniýa) – “Çelsi” (Angliýa), “Mançester Siti” (Angliýa) – Real (Ispaniýa) we “Barselona” (Ispaniýa) – “Napoli” (Italiýa) diňe bir gezek duşuşdylar. “Lion” bilen “Ýuwentusyň” birinji duşuşygy fransuz klubynyň 1:0 hasabynda öz meýdançasyndaky ýeňişi bilen tamamlandy.
Öň, UEFA milli çempionatlary awgustda ýewrokuboklary tamamlamaga mümkinçilik bolar ýaly iýunyň ahyryna çenli tamamlamagy maslahat berdi.
Soňky maglumatlar boýunça, dünýäde koronawirus bilen 3,6 mln-dan gowrak adam keselledi, 250 müňden gowragy ýogaldy.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......