Pandemiýa sebäpli bahalar peselenden soň, oýunçylaryň umumy gymmaty boýunça klublaryň reýtingi

  • 08.05.2020 22:46
  • 6.6k+

Transfermarkt portaly koronawirus pandemiýasy sebäpli bahalaryň peselmeginden soň futbolistleriň umumy gymmaty boýunça klublaryň täzelenen reýtingini neşir etdi, bu barada Trend TACC-a salgylanmak bilen habar berýär.
Reýtingi Angliýanyň “Mançester Siti” kluby esaslandyrdy we ol dünýäde oýunçylaryň umumy bahasy 1 mlrd ýewrodan geçýän (1,02 mlrd ýewro) ýeke-täk klub bolmagynda galýar. Ikinji orunda ýene bir iňlis kluby, ýagny “Liwerpul (967 mln ýewro), üçünji orunda bolsa ispan “Realy” (888 mln ýewro) ýerleşdi.
Onluga ispan “Barselonasy” (852,7 mln ýewro), fransuz “Pari Sen-Žermeni” (843,7 mln ýewro), german “Bawariýasy” (756,6 mln ýewro), ispan “Atletikosy” (709 mln ýewro), şeýle-de iňlis “Tottenhemi” (699 mln ýewro), “Çelsi” (679,9 mln ýewro) we “Mançester Ýunaýted” (646,7 mln ýewro) girdi. Top-50-ä rus futbol klublary girmedi.
Täze koronawirus ýaýrawy 2019-njy ýylyň dekabrynyň ahyrynda Merkezi Hytaýda ýüze çykaryldy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 11-nji martda ony pandemiýa diýip yglan etdi. Şu wagta çenli koronawirus bilen 3,4 milliondan gowrak adam keselledi, 240 müňden gowragy aradan çykdy.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......