FIFA “ýaz-güýz” ulgamyna geçmek mümkinçiligini gözden geçirýär

  • 07.05.2020 11:52
  • 2.3k+

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) “ýaz-güýz” ulgamyna geçmegi mümkin, bu barada, Trend TACC-a salgylanmak bilen bellemegine görä, FIFA-nyň wise-prezidenti Wiktor Montalýani habar berdi.
Şeýle çäre koronawirus pandemiýasy bilen şertlendirilen, çünki bu pandemiýa sebäpli ähli resmi halkara oýunlaryň geçirilmesi hem togtadyldy. 
“Koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda FIFA özüniň käbir ýörelgelerini üýtgetmeli bolýar. Häzir futbol möwsüminiň ykbaly boýunça karara gelmek hökümet edaralaryna bagly bolup durýar we FIFA hem bu barada dawa etmek islemeýär. Ýöne bizde senenamany üýtgetmek barada pikir bar, şol senenamanyň täze wersiýasy hem 2024-nji ýyla çenli niýetleniler. “Güýz-ýaz” adaty shemanyň deregine esas hökmünde ýyllyk senenama ulgamy, ýagny “ýaz-güýz” ulgamy kabul edilip bilner” – diýip, Montalýani belleýär.
“Bizde üýtgeşmeleri girizmäge mümkinçilik bar, sebäbi indiki dünýä çempionaty 2022-nji ýylda noýabr-dekabr aýynda Katarda geçer. Ähtimal, hemişelik esasda üýtgeşmeleri kabul etmek barada pikirlenmek gerekdir” – diýip, ol sözüniň üstüne goşýar.
Täze koronawirus ýaýrawy 2019-njy ýylyň ahyrynda Merkezi Hytaýda bellige alyndy we ol dünýäniň köp ýurduna ýaýrady. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ony pandemiýa diýip yglan etdi.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......