Hindistanda aprel aýy boýunça ýekeje awtomobil hem satylmady

  • 06.05.2020 23:40
  • 4.1k+

Hindistanyň awtomobil öndürijiler jemgyýetiniň (SIAM) maglumatlary boýunça, koronawirus ýaýrawyny saklamak bilen bagly çäreler bu ýurtda satuwyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 100 göterim pese düşme bilen doly derejede kesilmegine getirdi. Ýagny, geçen ýyl dilerler 247 541 sany ýeňil awtomobili we 68 680 sany söwda ulag serişdelerini satdylar. Bu barada speedme.ru habar berýär.
25-nji martda ýurtda COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda karantin girizildi, onuň esasynda ähli önümçilik we awtomobilleriň satuwy-da togtady. Netijede, ýurt aprel aýyny täze awtomobilleriň ýekejesini hem satman geçirdi. Ýöne iri awtoöndürijiler ýüzlerçe awtomobilleri eksporta ibermegi başardylar. Maruti Suzuki 632 ulagy, Mahindra & Mahindra bolsa 733 ulagy ýerledi. Şeýle-de, Mahindra & Mahindra kompaniýasy Hindistanda aprel aýynda 4716 traktory satmagy we 56 sanysyny eksporta ibermegi başardy. Karantina garamazdan, ýurtda oba hojalyk tehnikalarynyň satuwyna rugsat berilýär.
Bellenilip geçilişi ýaly, Hindistanyň awtomobil senagaty günde 306 million dollar ýitirýär. Esasanam, Mahindra & Mahindra, Maruti Suzuki, Hyundai, MG Motor we Toyota Kirloskar kompaniýalary kynçylyk çekýär. 2019-njy ýylyň aprelinde pudakda 247 541 sany ýeňil awtomobiliň, 68 680 sany söwda awtomobilleriniň hem-de 1 684 650 sany iki we üç tigirli ulag serişdeleriniň satylmagy bilen ýagdaý biraz gowulaşypdy.
SIAM-yň maglumatlary boýunça, ýurtda awtomobilleriň satuwy barha peselýän ugur boýunça hereket edýär. Mart aýynda Maruti Suzuki-niň satuw göwrümi içki bazarda 48% pese düşdi, şol bir wagtda Mahindra kompaniýasynyň satuwy 90% pese gaçdy.
Ýöne şunuň bilen birlikde karantin 17-nji maýa çenli uzaldyldy, bu bolsa awtoöndürijiler üçin ozal hem agyr bolan ýagdaýy has güýçlendirer. Senagat awtomobil sektorlaryny açmaga rugsat bermegi haýyş edip, içeri işler ministrine hat ýazdy.

düýn 13:56
1.4k+

Sony we Honda «Afeela» elektrokaryndan ýüz öwürdiler: onuň üçin eýýäm deslapky töleglerem alnyp başlanypdy

Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy «Afeela» elektromobil taslamasynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu karar Honda-nyň elektrokar ösdürmek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmegi bilen baglanyşyklydyr....

26.03.2026 20:58
3.3k+

Dünýäniň onlarça awtobrendi Melburn awtosalony – 2026 üçin öz täze modellerini taýýarlaýar

2026-njy ýylyň 10-12-nji apreli aralygynda Melburnda (Awstraliýa) abraýly awtosalon geçiriler. Şäheriň Halkara sergi merkeziniň meýdançasynda ýigrimä golaý awtomobil brendi we awtomobillere hyzmat ediş......

26.03.2026 15:57
2.1k+

Renault işçileriniň bir bölegini kellesiz robotlara çalyşýar

Renault kompaniýasy öz zawodlarynda agyr fiziki işleri ýerine ýetirmek üçin robotlary ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Garaşylmagyna görä, 2027-nji ýyla çenli bu enjamlar önümçiligiň käbir bölümlerinde adamlaryň......

25.03.2026 14:51
5.7k+

Awtoulag senagaty üzül-kesil üýtgeýär: awtoulaglary diňe maşynlar ýygnar

Awtoulaglaryň adam gatyşmazdan ýygnaljak ilkinji doly awtomatlaşdyrylan zawodlary 2030-njy ýylda ABŞ-da ýa-da Hytaýda peýda bolup biler. Gartner we Warburg Research seljerijileriniň baha bermegine görä, doly awtomatlaşdyrmaga geçmek - geljek ýyllaryň meselesi...