Renault işçileriniň bir bölegini kellesiz robotlara çalyşýar

  • 26.03.2026 15:57
  • 2.4k+

Renault kompaniýasy öz zawodlarynda agyr fiziki işleri ýerine ýetirmek üçin robotlary ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Garaşylmagyna görä, 2027-nji ýyla çenli bu enjamlar önümçiligiň käbir bölümlerinde adamlaryň ornuny tutup başlar.

Fransuz startapy Wandercraft bilen bilelikde, bary-ýogy 40 günüň içinde işlenip düzülen Calvin-40 atly robot kellesizdir we ol beýleki kompaniýalaryňkydan  tapawutlylykda adama çalym etmeýär.

Robotyň esasy wezipesi ýük götermek we daşamak ýaly gaýtalanýan şol bir ýönekeý işleri ýerine ýetirmekdir. Onuň barmaklarynyň deregine uly göwrümli gysgyçlary bar. Renault-yň önümçilik we hil boýunça ýolbaşçysy Týerri Şarwe: «Dogrusyny aýtsam, meni adam şekilli robotlar gyzyklandyrmaýar. Maňa adam ýaly görünmese-de, netijeli we arzan awtomatlaşdyrylan enjamlar gerek» diýip belleýär.

Ilkinji tapgyrda Calvin-40 robotlaryny tekerleri götermek we şassi bölüminde bölekleri daşamak ýaly işlerde işçileriň ýüküni ýeňilleşdirmek üçin ulanylar.  Kompaniýanyň maksady 2027-nji ýyla çenli 350 sany roboty işe girizmek. Eýýämden Renault 5 we Twingo ýaly elektrikli modelleriň gurnama wagtyny 10 sagada çenli gysgaltmak başartdy. Geljekde bolsa bir awtomobili öndürmek üçin sarp edilýän zähmet çykdajylaryny 30% azaltmaga garaşylýar.


şu gün 08:11
405

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
2.8k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......