Tokiodaky Olimpiadanyň ýatyrylmagy mümkin

  • 06.05.2020 23:02
  • 2.5k+

Ýaponiýada eger-de koronawirus pandemiýasy indiki ýyl hem howp döretjek bolsa, onda Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ýatyrylmagynyň mümkindigi bellenilýär. Bu barada “Tokio-2020”-iň guramaçylyk komitetiniň prezidenti Ýosiro Mori mälim etdi, muny Euronews habar berýär. Olimpiadanyň 2021-nji ýylyň iýulyna geçirilmegi baradaky ylalaşyk mart aýynyň ahyrynda gazanyldy.
Ýaponiýanyň lukmançylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy dermanlary we sanjymlary taýýarlamak işini çaltlandyrmagyň möhümdigini belledi. “Men bizde netijeli sanjym bolmasa Olimpiadany geçirmek kyn bolar diýip pikir edýärin. Men Oýunlary geçirmeli däl diýemok, ýöne muny sanjymsyz geçirmek örän kyn bolar” – diýip, ol aýdýar.
Hünärmenleriň köpüsi täze görnüşli koronawirusa garşy sanjymyň indiki ýylyň ortalarynda peýda boljakdygyna ynanýarlar. Ýaponiýa bäsleşikleri taýýarlamak işine 12 milliard dollardan gowrak sarp etdi. Çykdajylary azaltmak üçin “Tokio-2020”-iň guramaçylyk komitetiniň prezidenti Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabarasyny birikdirmegi teklip etdi.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......