Futbol boýunça Angliýanyň çempionatynyň Awstraliýada tamamlanmagy mümkin

  • 06.05.2020 22:22
  • 2.9k+

Futbol boýunça Angliýanyň çempionatynyň ýolbaşçylygyna pandemiýa sebäpli saklanan möwsümiň galan oýunlaryny Awstraliýada tamamlamak teklip edildi. Bu barada Trend TACC-a salgylanmak bilen habar berýär.
Angliýanyň çempionaty 13-nji martda saklanylypdy, turniriň galan 92 oýny näbelli möhlet bilen soňa goýuldy. Ýaňy-ýakynda liganyň klublary maslahat geçirdiler we onda ýurduň hökümeti rugsat berse, çempionaty doly tamamlamak barada ylalaşyga gelindi.
“Sun” britan neşiriniň maglumatlary boýunça, futbol agenti Gerri Uilýams Angliýanyň premýer-ligasynyň ýolbaşçylygyna çempionaty Awstraliýanyň Pert şäherinde oýnamagy teklip etdi, çünki şäher ýerli senatoryň aýtmagyna görä, pandemiýadan gaty zyýan çekmedi we “ýeriň ýüzünde iň howpsuz ýer” hasaplanylýar.
Uilýamsyň pikiriçe, şeýle çözgüt oýunçylar üçin has oňaýly şertlere kepil geçýär. Polisiýany klublaryň türgenleşik bazalaryny goramak zerurlygyndan dyndyrýar hem-de tomaşaçylaryň gatnaşmagy bilen bagly karara gelinende wariatiwligi ýokarlandyrar. Ýaýlymlar, agentiň aýtmagyna görä, iňlis grafikasyna aňsatlyk bilen uýgunlaşarlar, şonuň üçin oýunlary görkezmekde mesele döremez.
Angliýanyň premýer ligasynyň klublarynyň birnäçesi eýýäm bu teklip bilen gyzyklanýandyklaryny mälim etdiler. “Bu biziň möwsümden öň taýýarlyk wagty gidýän dünýä turnemizden hiç hili tapawutlanmaýar. Şunuň bilen birlikde häzir Awstraliýadaky howa şertleri oýunlary geçirmek üçin hem gowy” – diýip, “Sun” neşiri klublaryň biriniň wekiliniň sözüni getirýär. Şeýle-de ýakyn günlerde Uilýamsyň Britaniýanyň hökümeti bilen gepleşik geçirmegi meýilleşdirýändigi bellenilip geçilýär.
Soňky maglumatlar boýunça, Beýik Britaniýada 180 müň kesel ýagdaýy hasaba alyndy, Awstraliýada 7 müňden az.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......