Türkmenistan ikinji emeli hemrasyny äleme çykarmagyň meselelerini öwrenýär

  • 03.05.2020 11:20
  • 6.2k+

Ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer B.Öwezow Türkmenistanyň älem giňişliginden Ýer üstüne gözegçilik edýän milli emeli hemra ulgamynyň meseleleri barada hasabat berdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzir, milli hemra aragatnaşyk ulgamynyň doly güýjünde işleýän wagty wideokonferensiýalaryň ýa-da hemra üsti bilen teleköprüleriň tehnologiýalaryny peýdalanmak üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Giňden ulanylýan kommunikasiýalaryň bu görnüşi iş depginini artdyrýar, wagty we serişdeleri peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrýar diýip, döwlet Baştutany kanagatlanma bilen belledi we bu tehnologiýalaryň bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda giňden ulanylýandygyny nygtady.
Nygtalyşy ýaly, hemra aragatnaşygynyň döwrebap düzümi hem-de degişli täze tehnologiýalar Türkmenistanda älem bilen bagly barlag işlerini ösdürmäge we kämilleşdirmäge ýardam edip, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da artmagyna hyzmat eder. Türkmen Lideri älem giňişligine ikinji emeli hemrany çykarmagyň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumy üçin möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna ünsi çekip, wise-premýere şu meseläni öwrenmegi hem-de bu ugurda zerur bolan çäreleri görmegi tabşyrdy.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
499

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......