“PSŽ” Fransiýanyň çempiony diýlip yglan edildi

  • 02.05.2020 23:21
  • 2.5k+

Fransiýanyň professional futbol ligasy (LEP) “Pari Sen-Žermeni” resmi taýdan 2019/20-möwsümde Fransiýanyň çempiony diýip yglan etdi. Bu barada euro-football.ru habar berýär. Ýatladyp geçsek, çempionat koronawirus pandemiýasy sebäpli ýatyrylypdy. Ýaňy-ýakynda Fransiýanyň hökümeti futboly sentýabra çenli gadagan etdi, şonuň üçin möwsüm wagtyndan öň tamamlandy. Ikinji orny “Marsel” eýeledi, bürünç medala bolsa “Renn” mynasyp boldy.
“PSŽ” özüniň taryhynda Fransiýanyň 9-njy gezek çempiony bolýar. Paýtagt kluby çempion tituly boýunça “Marseliň” yzyndan ýetdi. Titullaryň sany boýunça fransuz öňdebaryjy-diwizionynyň lideri ýurduň 10 gezek iň gowy komandasy bolan “Sent-Etýen” hasaplanylýar.
Bir zady belläp geçmek gerek, Liga 1-iň jemi gazanylan utuklaryň ortaça sany boýunça jemlenildi, sebäbi “PSŽ” bilen “Strasburg” beýleki komandalar ýaly 28 däl-de, 27 duşuşyga gatnaşdylar.
Möwsümiň jemi boýunça Liga 2-ä “Amýen” we “Tuluza” çykarylýar, olar degişlilikde 19-njy we 20-nji orunlary eýelediler. Liga 2-niň çempiony “Lorýan” boldy, ol ikinji ýeri eýelän “Lans” bilen Liga 1-iň geljek möwsüminde duşuşar.
“Tuluzanyň” prezidenti Oliwýe Sadran liga hem-de federasiýa eýýäm hat iberdi, onda şeýle bellenilýär: “27 ýa-da 28 tapgyrdan soň aralyk tablisalara esaslanýan “Tuluzanyň” çykarylmagy baradaky islendik çözgüt adalatsyzdyr, ol mümkin däl we beýle bolmaga esas hem ýok. Klubyň sport göreşindäki öz ornuny gorap saklamak mümkinçiliginden mahrum edilmegi hökman kazyýetde çözülmeli bolar”.
30-njy aprel boýunça Fransiýada koronawirus keseliniň 166 müňüsi hasaba alyndy.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......