Mbappe ESPN-iň wersiýasy boýunça dünýäniň iň gowy ýaş futbolisti diýlip atlandyryldy

  • 01.05.2020 23:42
  • 3.4k+

“ESPN” sport telewizion kanaly 21 ýaşa çenli  dünýäniň iň gowy ýaş futbolistleriniň reýtingini düzdi. Sanaw 36 futbolistiň adyndan ybarat. Bu sanawy “PSŽ-niň” we Fransiýanyň ýygyndy toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe (21 ýaş) esaslandyrdy. Ikinji orny Dortmund “Borussiýasynyň” ýarym goragçysy Jeýdon Sanço (20 ýaş) eýeledi, iň gowularyň üçlügini bolsa “Liwerpulyň” goragçysy Trent Aleksander-Arnold (21 ýaş) jemleýär.
Bu reýting düzülen ýagdaýynda iki zat, ýagny toparyň esasy düzüminde geçirilen wagt hem-de futbolistiň çykyş edýän turnirleriniň derejesi göz öňünde tutuldy.
Reýtingi Winisius Žunior (“Real”, 19 ýaş) dowam etdirýär. Bäşinji orunda Kaý Hawerts (“Baýer”, 19 ýaş), altynjy orunda bolsa Matteýs de Ligt (“Ýuwentus”, 20 ýaş) ýerleşdi. Onuň yzyndan şular gelýär: Janluiji Donnarumma (“Milan”, 21 ýaş), Erling Holand (“Borussiýa”, 19 ýaş), Federiko Walwerde (“Real”, 21 ýaş). Onlugy Žoau Feliks (“Atletiko”, 20 ýaş) jemleýär.
Iň gowularyň hataryna şu futbolistler hem goşuldy: Ussem Auar, Eduardo Kamawinga, Jonatan Dewid, Alfonso Dewins, Ansu Fati, Fil Foden, Meýson Grinwud, Matteo Genduzi, Aşraf Hakimi, Kallum Hadson-Odoi. Doly sanaw bilen siz news.sportbox.ru saýtynda tanşyp bilersiňiz. 

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......