“Barselona” we “Real” pandemiýa sebäpli 300-400 mln ýewro ýitirip bilerler

  • 30.04.2020 22:20
  • 3.8k+

Ispaniýanyň iki sany öňdebaryjy klublary bolan “Barselonanyň” we Madridiň “Realynyň” koronawirus sebäpli maliýe ýitgileriniň 300 mln-dan 400 mln ýewro çenli barabar bolmagy mümkin, bu barada “Cadena SER” ispan neşirine salgylanmak bilen turbo.gazeta.ru habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlary boýunça, ýitgiler, eger-de ýakyn wagtda Premýeranyň möwsümi dikeldilmese, oýunlar bolsa azyndan dekabra çenli boş münberleriň astynda geçirilse, şeýle görkezijä ýeter. Liganyň hasaplamasy boýunça, diňe petekleriň satuwyndan ýitgiler 50 mln ýewro barabar bolar.
Eger-de 2019/20-möwsümi wagtyndan öň tamamlamaly bolsa, beýlekileri hem tomaşaçysyz geçirmeli bolsa, onda tutuş ispan futboly hemaýatçylyk şertnamalary boýunça girdejileriň hem ýitgi mümkinçiligini hasaplamazdan, 1,6 mlrd ýewrodan mahrum bolar. Jemi alanyňda puluň möçberi 1,9 mlrd ýewro ýetip biler. Ýagdaý has beter bolanda käbir klublar hereket etmegini bes eder.
Ýatladyp geçsek, La Ligada möwsüm 12-nji martda koronawirus pandemiýasy sebäpli näbelli möhlet bilen saklanyldy. 14-nji martda bolsa ýurtda berk karantin yglan edildi. Şol wagta çenli ähli klublar 27 tapgyry geçirmäge ýetişdiler. “Barselona” 58 utuk bilen liderlik edýär. Ikinji orunda 56 utuk bilen “Real” gelýär. Üçünji orun 47 utugy bolan "Sewilýa" degişli. Dördünji setirde bolsa 46 utuk bilen “Real Sosýedad” ýerleşýär. “Hetafeniň” ballary hem şeýle görkezijä deň, ýöne goşmaça görkezijiler boýunça ol bäşinji orny eýeleýär.
Çempionlar ligasynyň häzirki oýnundan “Liwerpuly” çykaran “Atletiko” 45 utugy bilen altynjy orunda ýerleşmegi başardy. Eger-de Ispaniýada möwsümi dikeltmezlik kararyna gelseler, onda onuň indiki möwsümde Çempionlar ligasyndan galmagy mümkin.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......