Facebook toparlaýyn wideojaňlar üçin Messenger Rooms serwisini hödürledi

  • 30.04.2020 22:14
  • 2.6k+

Facebook jemgyýetçilik tory hususy messenjeriniň täzelenen, ýagny toparlaýyn wideojaňlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýän Messenger Rooms — täze serwisiniň girizilen görnüşini anons etdi. Bu barada kompaniýanyň resmi blogynda aýdylýar, ony rg.ru habar berýär.
Wideokonferensiýa 50-ä çenli adam gatnaşyp bilýär. Ýöne munuň üçin jemgyýetçilik torunda bellige alynmak hökmany däl. Facebook programmasyndan ýa-da Facebook Messenger-den “otag döretmeli”, şondan soň jaňa islendik adamy, hatda onuň jemgyýetçilik torunda akkaunty ýok bolsa-da, çagyrmak mümkindir. Rooms-da gepleşikleriň dowamlylygy çäklendirilen däl. Ulanyjylar “maskalary” ulanyp, jaňlary bloklap we beýleki ulanyjylary aýyrmak bilen administratiw jaňlary amala aşyryp bilýärler.
Mundan başga-da, geljekde bu funksiýa Istagram Direct-de, WhatsApp we Portalda hem elýeterli bolar. Kompaniýa WhatsApp-de hem toparlaýyn jaňlara gatnaşyjylaryň sanyny artdyrandygyny habar berdi, oňa indi dörtden sekize çenli adam gatnaşyp bilýär.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......