«Formula — 1-iň» täze tertibi hödürlenildi

  • 30.04.2020 18:29
  • 2.6k+

«Formula — 1» ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň ýolbaşçylygy möwsümi iýulda başlamagy göz öňünde tutýar. Täze sanawa laýyklykda, geljekki tapgyr Awstriýada 3-5-nji iýul aralygynda geçmeli. Bu barada Euronews habar berýär.
«Formula — 1-iň» ýerine ýetiriji müdiri Çeýz Kerri 15-18 ýaryşy diňe bir Ýewropada däl, eýsem, Aziýada, Günorta we Demirgazyk Amerikada geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi, möwsüm bolsa Abu-Dabide tamamlanar. Russiýa tapgyry 25-27-nji sentýabra meýilleşdirilen.
26-28-nji iýuna meýilleşdirilen Fransiýanyň Gran-prisiniň ýatyrylandygy habar berildi, çünki koronawirus pandemiýasy sebäpli ýurduň hökümeti, hiç bolmanda, iýulyň ortalaryna çenli köpçülikleýin çäreleri geçirmekligi gadagan etdi. Bu tapgyr hasap boýunça onunjy, ol hem ýatyrylmaly ýa-da şu ýylyň çempionatynyň çäklerinde süýşürilmeli tapgyr boldy. Möwsüm mart aýyndan başlanmalydy. Awstraliýadaky we Monakodaky tapgyrlar ýatyrylmaly boldy, Bahreýndäki, Wýetnamdaky, Hytaýdaky, Niderlandiýadaky, Ispaniýadaky, Azerbaýjandaky we Kanadadaky tapgyrlar bolsa süýşürildi.
19-njy iýula bellenilen Beýik Britaniýanyň Gran-prisiniň tomaşaçysyz geçmegi ahmal.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......