SpaceX nobatdaky Falcon 9 raketa-göterijisini uçurmagy meýilleşdirýär

  • 30.04.2020 17:41
  • 2.3k+

SpaceX kompaniýasy internet global toruny ösdürmegi dowam etdirmek üçin 2020-nji ýylyň 7-nji maýynda 60 sany Starlink mini-hemralary bilen Falcon 9 agyr raketa-göterijisini uçurmakçy bolýar. Bu barada inforeactor.ru habar berýär.
Raketa Kanaweral burnunda ýerleşýän kosmodromdan uçurylar, koronawirus pandemiýasy hem onuň senesine täsir etmez. Kosmodromyň komandirligi COVID-19-yň ýaýrawyny gowşatmak üçin ähli tagallalary edýär. Raketany ABŞ-nyň Gündogar kenarýakasynyň wagty boýunça 7.30-da uçurmak meýilleşdirilýär.
23-nji aprelde amerikan kompaniýasy 60 sany Starlink internet-hemralaryny orbita üstünlikli çykardy. Şeýlelik bilen, orbita toparlanyşygy 420 kosmiki enjamyna çenli ýetdi. Häzirki wagtda SpaceX dünýäde hemra operatorlarynyň arasynda lider hasaplanylýar. 
Geljekde Ilon Maskyň kompaniýasy orbita toparlanyşygyny ilki 12 müň enjama, soňra 30 müň enjama çenli artdyrmakçy bolýar. Hemralaryň şeýle möçberi adamlaryň Ýer ýüzüniň islendik künjeginden internete elýeterliligini üpjün etmäge mümkinçilik berjek doly masştably internet toruny döretmek üçin hökmanydyr. Taslama 2018-nji ýylyň fewralyndan iş ýüzüne geçirilip başlandy.
Eýýäm şu ýylyň özünde orbita hemralaryň goýberilmegi arkaly Demirgazyk Amerikanyň ähli ýeri internet-örtügi bilen üpjün ediler. Indiki ýylda tutuş Ýer ýüzi internete elýeterlilik alar. Taslamanyň bahasy 10 milliard dollar diýlip bahalandyrylýar.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......