Fransiýanyň futbol çempionaty koronawirus sebäpli wagtyndan öň tamamlandy

  • 29.04.2020 18:52
  • 3.9k+

Fransiýanyň futbol boýunça çempionatynyň 2019/2020 möwsümi wagtyndan öň tamamlandy, möwsümiň galan duşuşyklary indi geçirilmez, diýip Trend agentligi Interfaks agentligine salgylanyp habar berýär.
L'Equipe neşiriniň habar bermegine görä, Fransiýanyň premýer-ministri Eduard Filipp sişenbe güni koronawirusa garşy göreşmek boýunça strategiýany yglan etdi. Şonuň çäklerinde professional klublaryň, şol sanda futbol klublarynyň gatnaşmagynda geçirilýän ähli sport ýaryşlary ýatyrylýar.
Ýurduň nobatdaky çempionatynyň yglan ediljekdigi barada soňra belli bolar. Häzirki wagtda bäsleşik jedwelinde «Pari Sen-Žermen» 27 duşuşykda 68 utuk bilen birinji ýerde barýar. Bir duşuşyk köp geçiren «Marsel» 56 utuk bilen ikinji ýerde barýar.
Soňky maglumatlara görä, dünýä boýunça koronawirus ýokanjynyň 3 086 038 sanysy hasaba alyndy. 212 müň 591 adam aradan çykdy, 934 müň 808 adam sagaldy. Fransiýada 162 müň 842 adam bu kesel bilen keselledi. 23 müň 293 adam aradan çykyp, 45 müň 513 adam gutuldy.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......