Germaniýanyň çempionatynda futbolistlery maskada oýnamaga borçly etmekleri ahmal

  • 28.04.2020 23:07
  • 3.2k+

Bundesliganyň aýratyn režimde geçmegi mümkin. Ýaňy-ýakynda alnan täzelikler boýunça, Germaniýanyň zähmet ministriniň ýolbaşçylygy futbolistleri oýun wagtynda maskada oýnamaga mejbur etjek bolýar. Bu täzelik barada “Spiegel Sports” neşirine salgylanmak bilen olimpiada-tokio2020.ru habar berdi. Bundesliganyň ýolbaşçylygy we guramaçylary COVID-19 pandemiýasyna garamazdan, möwsümi tamamlamakçy bolýarlar.
Neşirden alnan maglumatlara görä, sportsmenlere oýun wagtynda maska el degirmek gadagan edilýär, oýun maskany çalşyrmak üçin her 15 minutdan saklanylyp bilinýär we şu arakesme wagtynda-da oýunçylar biri-birinden bir ýarym metr daşlykda ýerleşmeli. Üstesine-de, indi eminler futbolist howpsuzlyk düzgünlerini bozan ýagdaýynda oňa jerime salyp bilýär, meselem: gol salnandan soň oýunçylar meýdançada bilelikde “baýram edenlerinde” ýa-da dawalaşanlarynda. Şeýle-de, maskany sypmazlyk üçin berkitmek hem möhüm düzgün hasaplanylýar.
Soňky maglumatlar boýunça, Germaniýada koronawirus bilen kesellemegiň 154 111 ýagdaýy hasaba alyndy. Ýogalanlaryň sany 5632, gutulanlaryň sany 106 800.
Öň, Germaniýanyň saglygy goraýyş ministri futbol möwsüminiň ýurtda 9-njy maýda dikeldilip bilinjekdigini aýtdy, ýöne oýunlar tomaşaçysyz geçer.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......