Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Türkmenistan boýunça sport we medeni çäreler geçirildi

  • 27.04.2020 06:19
  • 3.1k+

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda köpçülikleýin medeni-sport çäresi geçirildi. Sport çärelerine jemgyýetçilik guramalaryň, edaralaryň we kärhanalaryň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Aşgabatda welosipedli ýöriş we ýaryş Köpetdag şaýolunyň we Andalyp köçesiniň çatrygynda “Ýanardag” diýen şöhratly ahalteke bedewiniň hormatyna bina edilen binanyň ýanyndan badalga aldy.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Köpetdagyň gerişlerinden uzalyp gidýän täsin “Saglyk ýolundan” köpçülikleýin ýörişe başladylar. Ýaş oglanlar we gyzlar üçin “Sagdyn ýaşlarymyz eziz Diýarymyzyň sütünidir” diýen şygar astynda 8 kilometrlik aralygy geçmek boýunça ýaryş guraldy.
Soňra estafeta ylgaw ýaryşyna badalga berildi. Bu ýaryşyň ugry “Ýanardag” binasynyň ýanyndan Köpetdag şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň ugry bilen uzalyp, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň binasynyň ýanyndaky pellehanada tamamlandy. Ylgaw ýaryşy 20 kilometr aralygy öz içine alyp, her 400 metrden 50 sany tapgyrdan ybarat boldy.
Şu ýerdäki pellehana 20 müň metr alalygy geçip, sportuň bagyş edýän uly ruhubelentlik güýjüne hem-de şatlykly duýgularyna beslenip, köpçülikleýin welosipedli ýörişe hem-de ýaryşa gatnaşanlar hem geldiler.
Soňra dabaraly ýagdaýda ýaryşyň ýeňijileri yglan edilip, olara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......