Neýmar “Barselona” geçmek islese aýlygynyň peselmegine razy bolmaly bolar

  • 26.04.2020 08:04
  • 4.7k+

“PSŽ” fransuz futbol klubynyň oýunçysy Neýmar heniz hem ispan “Barselonasyna” geçmegi niýet edinýär, bu barada olimpiada-tokio2020.ru saýtynda bellenilýär. Habar berlişine görä, eger-de taraplar futbolistiň satuwy barada ylalaşyk gazanyp bilseler, onda braziliýaly sportsmen aýlyk töleginiň peseldilmegine razy bolmaly bolar.
“Barselonanyň” ýolbaşçylygy futboliste ýylda 20 million ýewrodan köp tölemejekdigini aýdýarlar. Bu pul häzirki wagtda Neýmara “PSŽ-da” tölenilýänden iki ýarym esse azdyr.
Çeşmäniň maglumatlary boýunça, Neýmar “PSŽ-de” ýylyna 52 mln ýewro gazanýar. Häzir bolsa fransuz komandasy futbolist üçin täze şertnama taýýarlaýar, oňa laýyklykda aýlyk bir möwsüm üçin 38 million ýewro deň. “Barselona” Neýmary satyn almajakdygy barada eýýäm habar beripdi. Bu puly olar Lionel Messi bilen şertnama we Lautaro Martinesiň transferine sarp etmekçi bolýarlar.
Şu möwsümde Neýmar 22 oýna gatnaşdy we 18 goly bilen tapawutlandy. Transfermarkt portaly futbolistiň bazar gymmatyny 128 mln ýewro bilen bahalandyrýar.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......