FIFA futbol federasiýalaryna 150 mln dollar berer

  • 26.04.2020 07:52
  • 2.7k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli assosiasiýalara koronawirus pandemiýasy döwründe maliýe kömegi hökmünde 150 mln dollar berer. Bu kömek 211 federasiýanyň arasynda paýlaşylar.
Her bir assosiasiýa azyndan 500 müň dollar alar, bu barada FIFA-nyň press-hyzmatyna salgylanmak bilen pravda.ru habar berýär.
“Pandemiýa tutuş futbol bileleşigi üçin öň görülmedik meseleleri döretdi, şonuň üçin dünýä derejesinde ýolbaşçy hökmünde FIFA agyr meseleler bilen çaknyşýanlary goldamaly bolýar” – diýip, FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantino belleýär.
“Bu assosiasiýalarymyza gyssagly maliýe kömegini bermegimizden başlanýar, olaryň köpüsi häzirki wagtda düýpli maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýärler” – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
“Adaty ýagdaýlarda federasiýalar kesgitli kriteriýalar berjaý edilen ýagdaýynda puly doly möçberi bilen alardylar. Muňa derek FIFA bu puly ähli ýurtda futboly goramak üçin goldaw hökmünde geçirer. Bu FIFA-nyň ýakyn günlerde her bir assosiasiýa 500 müň dollar, şeýle-de 2019 we 2020-nji ýylyň içinde galan islendik tölegleri geçirjekdigini aňladýar” – diýlip, FIFA-nyň resmi saýtynda bellenilýär.
Pandemiýa zerarly tas ähli futbol turnirleri ýatyryldy. Soňky maglumatlar boýunça COVID-19-yň ýaýrawy netijesinde 2 mln 750 müň adam kesellän, 750 müňden gowragy gutulan, 190 müň adam ýogalan.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......