Fossil Gün energiýasyndan zarýadlanýan Solar sagatlaryny hödürledi

  • 26.04.2020 07:34
  • 2.7k+

Fossil kompaniýasy tebigat barada alada etmek maksady bilen döredilen Solar sagatlaryny anons etdi. Şeýle görnüşli arzan gurluşlaryň köpüsi wagtal-wagtal çalşyrylyp durulmagyny talap edýän batareýleriň esasynda işleýär. Solar sagatlaryndaky akkumulýator 10 ýyla çenli işläp bilýär, bu barada live24.ru habar berýär.
Bu sagadyň aýratynlygy onuň Gün energiýasyny ulanmak arkaly zarýadlanyp bilmek mümkinçiliginiň barlygydyr. Bu gyzykly bir tehnologiýanyň kömegi bilen mümkin boldy. Inženerler Gün elementlerini siferblatyň töweregindäki gurşawa jemlediler, olar hem batareýi gije-gündiziň dowamynda ýagtylandyryjy enjamlardan iýmitlendirip durýarlar.
“Akkumulýator diňe sensoryň günde duran wagty zarýadlanyp bilýär. Ýörite hasaplamalar, şeýle wagtyň hatda eşigiň aşagyndan dakylanda-da energiýany gerekli möçberde saklamak üçin ýeterlikdigini görkezdi” – diýip, kompaniýanyň wekilleri belleýär.
Doly zarýadlanan ýagdaýynda hronometr 4 aýa çenli işlemäge ukyply. Şunuň bilen birlikde, korpusyň ähli elementleri hem daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän materiallardan taýýarlanylan, onuň daşy bolsa gaty kagyzdan, ony gaýtadan hem ulanmak bolýar. Gurluş suwdan 5 ATM standart gorag derejesine eýe boldy.
Sagatlaryň özünden başga-da toplumda 5 sany dürli guşajyklar hem bar. Saýlap almakda iki model hödürlenilýär – 34 we 42 mm. Hronometr maýyň ilkinji günlerinde ýola goýlup başlanar.

düýn 11:22
1.4k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

düýn 11:10
567

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 23:04
2.3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......