UFC 249 turniriniň geçiriljek ýeri atlandyryldy

  • 25.04.2020 06:53
  • 11k+

MMA-promouşen UFC 249 turniriniň geçiriljek ýerini her näçe gizlin saklajak bolsa-da, çäräniň ýeri indi gizlin hasaplanylmaýar.
Wakalara ýakyn bolan habar çeşmeleri 9-njy maýa meýilleşdirilen nobatdaky şouwyň Florida ştatynyň Jeksonwill şäherindäki “VyStar Veterans Memorial” arenasynda geçiriljekdigini habar berýärler diýip fighttime.ru saýtynda bellenilýär.
Ilkibaşda UFC 249 turniri Bruklindäki “Barklaýs Merkezi” arenasynda geçirilmelidi, ýöne koronawirus epidemiýasy zerarly gurama çäräni Kaliforniýada “Tachi Palace” indeý kazinosynda geçirmäge synanyşyk etmek bilen ýerini üýtgetmeli boldy, ýöne ştatyň gubernatory Gewin Nýusom ESPN telekompaniýasynyň ýolbaşçylygyna basyş etmek bilen şouwyň ýatyrylmagyny gazandy.
Turnir ýatyrylandan birnäçe günden soň Florida ştatynyň gubernatory Ron DeSantis professional sporty “ilkinji zerur bolan hyzmatlaryň” hataryna goşmak bilen, sport çärelerini tomaşaçysyz geçirmäge resmi taýdan rugsat berdi, UFC-niň ýolbaşçylygy bolsa nobatdaky çäräni 9-njy maýda geçirmek isleýändigini habar berdi.
Ýatladyp geçsek, UFC 249 turniriniň esasy wakasy ýeňil agramda wagtlaýyn titul ugrunda Toni Fergýuson bilen Jastin Getjiniň arasyndaky göreş bolar, Genri Sehudyň ýeňil agramda Dominik Kruza garşy titul goragyna çykmagy ähmiýetliligi boýunça çäräniň ikinji wakasy bolar.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......