Messi soňky 25 ýylyň iň gowy futbolisti diýlip atlandyryldy

  • 25.04.2020 06:35
  • 5.3k+

“FourFourTwo” britan žurnaly soňky 25 ýylyň iň gowy 25 oýunçysynyň sanawyny neşir etdi. Bu barada news.sportbox.ru habar berýär. Bu reýtinge “Barselonanyň” lideri Lionel Messi ýolbaşçylyk etdi.
— Başga näme aýdyp bolar? 25 ýylyň iň gowy oýunçysy biziň öň seýrek duçar bolan derejesiniň birsydyrgynlygyny utgaşdyrýar – diýip reýtingi düzüjiler belleýär.
Ikinji iň gowy futbolist ähli mümkin bolan şahsy baýraklar ugrunda Messi bilen hemişe bäsdeş bolýan “Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu boldy. “FourFourTwo” portugaliýalynyň soňky ýyllarda iň gowy bombardirleriň biri bolandygyny belledi. Üçlügi “Ýuwentusyň”, “Realyň” we Fransiýanyň ýygyndy toparynyň eks-ýarym goragçysy bolan we häzirki wagtda Madrid klubynyň tälimçisi Zinedin Zidan jemledi. Şu ýerde reýtingiň doly sanawyny belläp geçeliň.
Bäşlige Braziliýanyň ýygyndy toparynyň ozalky hüjümçileri Ronaldo we Ronaldinýo girdi. Reýtingiň yzyny Týerri Anri bilen Hawi dowam etdirýär, ýagny olar degişlilikde altynjy we ýedinji orunlary eýelediler. Reýtingiň 8-nji ornunda Andres Inýesta, 9-njy ornunda Paolo Maldini ýerleşdi. Onlugy Roberto Bajo jemleýär.
11-nji orun Riwaldo, 12-nji orun Fabio Kannawaro, 13-nji orun Raýan Giggze degişli boldy. Reýtingiň yzy şeýle dowam edýär: 14-nji orun Kaka, 15-nji orun Ueýn Runi, 16-njy Luiş Figu, 17-nji Gabriel Batistuta, 18-nji Erik Kantona, 19-njy Luka Modriç, 20-nji Serhio Buskets. 21-den 25-e çenli orunlary şular eýeledi – Raul, Pol Skoulz, Romario, Serhio Ramos, Janluiji Buffon.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......