Samsung telewizorlarynda Apple Music aýdym-saz serwisi peýda boldy

  • 24.04.2020 23:31
  • 2.9k+

Samsung kompaniýasy akylly telewizorlar üçin özüniň platformasyna Apple Music aýdym-saz serwisini jemländigini habar berdi. Indi 100-den gowrak ýurtdaky ulanyjylar göni Samsung Smart TV-niň özünde Apple Music programmasy bilen aýdym-saz diňläp bilýärler, bu barada dgl.ru habar berýär.
Apple Music programmasy 2018-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli döwürde çykarylan telewizorlar üçin hödürlenilýär. Serwis 60 mln kompozisiýany özünde jemleýär, mundan başga-da onda gündelik personal maslahatlary we Beats 1 bütindünýä radiostansiýasy hem elýeterli. “Apple Music bilen öýde” bölüminde Samsung Smart TV-niň eýelerine täze aýdym-saz faýllaryny aýtdyrmagyň sanawy, meşhur sazandalar bilen FaceTime toparlaýyn çatlary, ýörite interwýular, wideoklipler we öz islegiňe görä güýmenjeleri tapmak üçin başga-da birnäçe kontentler garaşýar.
Samsung Smart TV-niň eýeleri Apple Music programmasyny Apps-da SmartHub bölüminde ýükläp alyp bilýärler hem-de özleriniň Apple ID-iniň kömegi bilen hasabat ýazgysyna girip ýa-da göni telewizoryň ekranyndan täze akkaunty döredip bilýärler. Indiwidual, maşgala ýa-da talyp ýazylyşygynyň çäklerinde ulanyjylara Apple Music programmasyna 3 aýlap mugt elýeterlilik hödürlenilýär.
Ýatladyp geçsek, birnäçe wagt bäri Samsung telewizorlary üçin Apple TV programmasy hem elýeterli.

düýn 11:22
1.4k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

düýn 11:10
567

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 23:04
2.3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......