Huawei Samsung, MediaTek we Spreadtrum prosessorlaryny satyn almaga taýýar

  • 24.04.2020 16:39
  • 3k+

TSMC kompaniýasynyň wekilleri çärýek hasabaty neşir edilenden soň, ýarym geçiriji önümleriň önümçiligini ABŞ-nyň territoriýasynda giňeltmek pikirinden el çekmändiklerini bellediler. Huawei Technologies kompaniýasynyň wekilleri bolsa “Nikkei Asian Review” gazetine beren teswirlerinde HiSilicon prosessorlarynyň şertnamalaýyn önümçiligi boýunça TSMC-nyň hyzmatlaryna garaşlylygy peseltmek baradaky meýilnamalary barada ýene bir gezek gürrüň berdiler.
Bu ýagdaý ABŞ-nyň hökümetiniň Huawei TSMC-nyň müşderileriniň hataryndan aýyrmak maksady bilen, oňa basgy etmegine getirip biler. Bu barada overclockers.ru habar berýär. Hytaý kompaniýasynyň wekilleri şeýle ýagdaýda Günorta Koreýada çykarylan Samsung prosessorlaryny, Taýwanda çykarylan MediaTek prosessorlaryny, şeýle-de Hytaýda çykarylýan Spreadtrum prosessorlaryny satyn alarys diýip pikir edýärler. Ýogsa-da, Huawei prosessorlaryň importuna bolan garaşlylygy peseltmek kontekstinde hytaý ýarym geçirijiler senagatynyň kämilligine uly bil baglaýar. Başga bir çeşmeler başlangyç we orta derejeli prosessorlary çykarmak üçin Huaweiň birnäçe wagt bäri SMIC hytaý kompaniýasynyň tehnologik mümkinçiliklerinden peýdalanýandygyny habar berýärler.
Huawei-niň beýannamasy bir möhüm ýagdaýy göz öňünde tutmaýar, eger amerikan hökümeti kompaniýanyň amerikan gelip çykyşly tehnologiýalary ulanýan hyzmatdaşlaryna oňa prosessorlary satmagy gadagan etse, onda ol Samsung we MediaTek kompaniýalaryna bil baglap bilmeýär. Islendik ýagdaýda-da, Huawei öndürijileri we hyzmatdaşlary saýlamaly bolanda, hiç hili ätiýaçlyk ýoluny gözlemän, diňe bir ýol bilen hereket etjek bolmaýar.

şu gün 11:22
1.2k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
521

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......