“Barselona” “Bawariýanyň” futbolisti Alkantarany satyn almakçy bolýar

  • 23.04.2020 23:04
  • 3.3k+

“Barselona” ispan futbol kluby german “Bawariýasynyň” ýarym goragçysy Týago Alkantarany satyn almakçy bolýar, bu barada TACC-a salgylanmak bilen Trend habar berýär.
Neşiriň maglumatlary boýunça, 29 ýaşly ispaniýaly futbolistiň transferi “Barselonanyň” ýerine ýetiriji müdiri Hawýer Bordasyň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Alkantaranyň “Bawariýa” bilen häzirki şertnamasy 2021-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenilen. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna laýyklykda, ýarym goragçynyň bahasy 48 mln ýewro.
Şu möwsümde Alkantara “Bawariýanyň” düzüminde dürli turnirlerde 32 oýna gatnaşdy, olarda üç gezek gol saldy we iki gezek netijeli geçirim etdi. Ol “Barselonanyň” oýunçysy hasaplanylýar, ilkinji toparynyň düzüminde futbolist 2009-njy ýylyň maýynda çykyş etdi. Ýarym goragçy ispan klubynyň düzüminden “Bawariýa” 2013-nji ýylyň tomsunda geçýär, şonda transfer 25 mln ýewro barabar bolýar. Ispaniýanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Alkantara 37 oýna gatnaşyp, iki gezek gol saldy we dokuz gezek netijeli geçirim etdi.
“Bawariýanyň” düzüminde çykyş etmek bilen Alkantara Germaniýanyň alty gezek çempiony boldy, üç gezek Germaniýanyň Kubogyny we Superkubogyny utdy, Ýewropanyň Superkubogynyň eýesi we dünýäniň klub çempionatynyň ýeňijisi boldy. “Barselona” bilen bilelikde ýarym goragçy dört gezek Ispaniýanyň çempionatyny, iki gezek Ispaniýanyň Kubogyny we Superkubogyny, Çempionlar ligasyny utdy, şeýle-de Ýewropanyň Superkubogynyň eýesi we dünýäniň klub çempionatynyň ýeňijisi boldy.
Ispaniýanyň çempionaty hem Ýewropadaky futbol turnirleriniň köpüsi ýaly koronawirus pandemiýasy sebäpli saklanyldy.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......