Jastin Getji: Eger-de Habib meni öldürmäge synanyşmasa, men ony hormatlamagymy bes ederin

  • 23.04.2020 22:44
  • 13k+

UFC-niň ýeňil agramlylarynyň dördünji belgisi Jastin Getji diwizionda birinji setiri eýeleýän Toni Fergýusona garşy göreşde gazanyp biljek wagtlaýyn titul statusyna ýokary dereje hökmünde garanok.
“Haçan-da guşak meniň bilimde bolanda, bu ahyrky nokat bolmaz – bu ýokary galmak üçin petek bolar. Ine, men muňa şeýle garaýan. Guşak biliňde – bu gowy, ýöne bu meniň üçin şol bir zat däl. Bu meniň UFC-niň çempiony bolandygymy aňlatmaýar” – diýip fighttime.ru Getjiniň ESPN telekanalyna beren interwýusynyň sözlerini getirýär.
Habib Nurmagomedow bilen olaryň gyzyklanmasyny şol bir menejeriň göz öňünde tutýandygyna garamazdan, amerikaly türgen munuň olara oktagona biri-birini ýok etmek maksady bilen çykmaga päsgel bermeýändigini aýdýar.
“Men Tonini ýeňenimden soň, Habib bilen urşaryn. Hut şunuň üçin hem men şu ýerde – dünýäde iň gowusy bolmak üçin. Men haçan-da onuň bilen urşanymda, men onuň meni öldürmäge synanyşyk etmegini isleýärin, sebäbi eger ol muny etmese, men ony sylamagymy bes ederin”.
Getjiniň aýtmagyna görä, ol esasy wakasy onuň Fergýuson bilen göreşi bolan UFC 249 turniriniň 9-njy maýda geçiriljekdigine şübhelenmeýär.
“Men muňa 100% ynanmaly. Men munuň 18-nji aprelde boljakdygyna-da 100% ynanypdym. Sebäbi, eger-de men ynanmaýan bolsam, diýmek, men aýagymy gazdan aýyrdygym”.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......