La Liga we Ispaniýanyň futbol federasiýasy möwsümi tamamlamak barada ylalaşdylar

  • 22.04.2020 07:56
  • 5.5k+

Futbol boýunça Ispaniýanyň çempionatynyň ýokary diwizionynyň ýolbaşçylygy (La Liga), Ispaniýanyň patyşa futbol federasiýasy (RFEF) we Ýokary sport geňeşi (CSD) ýurduň birinjiliginiň galan oýunlaryny tamamlamak barada ylalaşyga geldiler. Bu barada “Marca” ispan neşiri habar berýär, Trend TACC-a salgylanmak bilen ýetirýär.
Häzirki wagtda Ispaniýanyň çempionaty koronawirus pandemiýasy sebäpli näbelli möhlet bilen saklanyldy. Çeşmäniň maglumatlary boýunça, 18-nji aprelde taraplar sekiz sagatlyk gepleşigi geçirdiler, onuň netijesinde çempionatyň galan oýunlaryny oýnamak barada ylalaşyk gazandylar. Bellenilip geçilişi ýaly, şeýle kararyň esasy sebäpleriniň biri ykdysady jäht bolup durýar, sebäbi pandemiýanyň esasynda ýüze çykan çökgünlik sebäpli Ispaniýanyň hökümeti sport ugrunda möhüm býujetleri taýýarlamaly bolýar, Ispaniýanyň çempionatynyň oýunlarynyň geçirilmeginden gazanylýan girdeji bolsa ýurduň JIÖ-niň 1,37%-ni tutýar.
27 tapgyrdan soň Ispaniýanyň çempionatynyň turnir tablisasynda 58 utuk gazanmak bilen “Barselona” liderlik edýär. Ikinji orny 56 utuk bilen madrid “Realy” eýeleýär, üçünji orunda bolsa 47 utuk bilen “Sewilýa” ýerleşýär.
Täze koronawirus esasynda ýüze çykan kesel 2019-njy ýylyň ahyrynda Merkezi Hytaýda bellige alyndy, 11-nji martda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ony pandemiýa diýip yglan etdi. Ispaniýada 195 944 kesel ýagdaýy ýüze çykaryldy, 20 453 adam ýogaldy, 77 357 adam gutuldy.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......