Allegri ýolbaşçylyk eden ýagdaýynda Arturo Widalyň “Nýukasla” geçmegi ahmal

  • 21.04.2020 22:43
  • 2.6k+

Futbol boýunça Ispaniýanyň çempionatynda öňdebaryjylyk edýän “Barselonanyň” ýarym goragçysy Arturo Widalyň iňlis topary “Nýukasla” geçmegi ahmal. Bu barada Trend TACC-a salgylanmak bilen habar berýär.
Çeşmäniň maglumaty boýunça, 32 ýaşly çilili futbolçy klubyň ösüşi bilen gyzyklanýar, şonuň üçin italýan tälimçisi Massimiliano Allegri topara gelen ýagdaýynda oňa geçmäge razy bolup biler. Häzirki wagtda kluba iňlis Stiw Brýus ýolbaşçylyk edýär. Widala iňlis kluby “Mançester Ýunaýted” we italýan kluby “Inter” hem dalaşgärlik edýär.
Ýaňy-ýakynda “Nýukaslyň” eýesi multimillioner Maýk Eşliniň ony Saud Arabystandan özygtyýarly gazna $377 mln-a satmak barada ylalaşandygy belli boldy. Şeýle-de klub häzirki wagtda işi bolmadyk Allegri bilen şertnama baglaşmak barada gyzyklanýar.
2018-nji ýyldan bäri “Barselonada” çykyş edýän Widal üstümizdäki ýylda ähli turnirlerde 31 oýna gatnaşdy we alty gezek geçiren goly hem-de üç sany netijeli geçirimi bilen bellige alyndy. Mundan öň, ol “Kolo Kolo” çili toparynda, “Baýer” we “Bawariýa” german klublarynda, şeýle-de “Ýuwentus” italýan klubynda çykyş etdi, 2014-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli “Ýuwentus” toparyna Allegri ýolbaşçylyk edipdi. Italiýaly tälimçiniň ýolbaşçylygynda Widal iki möwsümi geçirdi, iki gezek Italiýanyň çempionatyny we Kubogyny utdy hem-de 2014/15 möwsümiň Çempionlar ligasynyň finalisti boldy.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......