Noýabr aýynda Aşgabatda sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler

  • 21.04.2020 10:16
  • 4.9k+

2020-nji ýylyň 6-8-nji noýabrynda Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmeklik meýilleşdirilýär. FIAS we HOK, häzirlikçe, COVID-19 pandemiýasy bilen bagly ýagdaýlar ýakyn wagtda kadalaşar diýen ynam bilen bu ýaryşy yza süýşürmek barada karar bermediler, diýip ORIENT agentligi habar berýär.
Ýewropanyň sambo federasiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşi tarapyndan kwalifikasiýa boýunça ýaryşlaryň (şol sanda Ýewropa çempionatynyň we Dünýä kubogynyň) yza süýşürilendigine garamazdan, türgenler ýylyň iň iri ýaryşyna taýýarlyk görmeklerini dowam edýärler.
Dünýä sportunyň köp sanly wekilleri üçin mejbury arakesme şikeslerden soň bejergi almak ýa-da Tokio Olimpiadasy üçin utuk toplamak boýunça bäsdeşlikde arakesme almak üçin mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda samboçylaryň aglabasy öýlerinde türgenleşik geçýärler we sosial torlaryň üsti bilen kärdeşlerini hem muňa çagyrýarlar (#trainathome we #samboagainstcovid heştegler arkaly).
Administratiw işgärler bolsa halkara ýaryşlarynyň arasynda dopinge garşy syýasaty işläp düzýärler. Aprel aýynyň başyndan bäri Sambo halkara federasiýasy (FIAS) şprisleri peýdalanmak bilen baglylykda düzgünleri tassyklady. Indiden beýläk, ýeterlik sebäpsiz (şikes we agyr ýagdaýlar) sanjymlar samboçylar üçin gadagandyr. Hiç hili witaminlere, rugsat edilen goşundylara we şuňa meňzeş himiýa önümlerini ulanmaga rugsat berilmeýär.
Dünýäniň iň gowy türgenleriniň tejribesiniň görkezişi ýaly, karantin çäklendirmeleri sportdan ýüz öwürmäge sebäp däldir. Sport bilen islendik ýerde, islendik wagt meşgullanyp bolýar.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......